Orazow Röwşen Bazarowiç
Baş direktory we esaslandyryjysy
“Maksatly gerçek” hususy kärhanasy – “Ulus kabel” ýokary hilli mis kabelleriň öndürijisi
Hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen, ýurdumyzda orta we kiçi telekeçilik üçin uly mümkinçilikler döredilýär. 2018-nji ýyldan başlap “Maksatly gerçek” hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşiginiň (TSTB) we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasynyň (TSTP) agzasy bolup, häzirki wagtda täze taslamalary amala aşyrýar.
Häzirki zaman innowasion tehnologiýalar we ykdysady goşant
Milli ykdysadyýetimizde öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasion çözgütler we dünýäde iň gowy tejribeler girizilýär. Biziň kärhanamyz:
Önümçiligiň göwrümini artdyrmak
Ýokary hilli önümleriň görnüşlerini köpeltmek
Importy edilip getirilýän önümleriň ýerini tutmak
Eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak
Täze iş orunlary döretmek
Halkymyzyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak ýaly ugurlarda uly goşant goşýar.
Kabel önümçiliginiň başlanmagy
“Maksatly gerçek” hususy kärhanasy 2024-nji ýylyň maý aýyndan başlap:
Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Änew şäheri, Barhannaýa köçesi, 2-nji geçelge, 5-nji jaý salgyndaky (önümçilik bazasy we ammarlar)desgamyzda “Ulus kabel” kysymly ýokary hilli elektrik mis kabel önümçiligin başlady.
Önümiň esasy üstün taraplary
Düzümi: 99,99% arassa mis
Gyzgynlygaçydamlylygy: Goragy örtügi +190°C temperatura çydamly
Ygtybarlylyk: Ýewropa standartlaryna laýyklylygy hem-de uzak möhletli ulanylyşy üpjün edýär
Önümçilik kuwwaty we innowasiýalar*
30-dan gowrak kabel görnüşi, ýurdumyzdaky gurulýan gurluşyklarda giňden ulanylýar
Ýyllyk kuwwat: 6 500 000 metr (bir iş çalşykda işlän wagty)
Geljekdäki meýilnamalar: Önüm görnüşlerini köpeltmek we önümçiligi giňeltmek
Türkiýeden getirilen täze enjamlar önümlerimiziň ýokary hilliligini we ýokary netijeliligi üpjün edýär
Işgärler we iş şertleri
40-dan gowrak ussat hünärmenler täze we innowasion enjamlarda ussatlyk bilen zähmet çekýärler
Işgärler üçin awtoulag hyzmaty
Dynç alyş otaglary we naharhana
Eksport strategiýasy
Goňşy döwletler we Ýewropa ýurtlary bilen gepleşikler alnyp barylýar
Maksadymyz: Türkmeniň milli önümleriniň dünýä bazarynda ornuny berkitmek we eksporty giňeltmek
Çig mal üpjünçiligi
Ýerli telekeçiler bilen hyzmatdaşlyk
Özbegistan we Türkiýedöwletlerinden hem gerekli çig mallar importedilýär
Nädip satyn alyp bolýar?
[uluscable.com](https://uluscable.com) saýty:
Açar sözler we bölümler boýunça gözleg
Türkmen, iňlis we rus dillerinde maglumat
Içerki we daşary ýurtlar üçin bölekleýin we lomaý satuwlar
Habarlaşmak üçin!
Tel: +993 12 754112, +993 62216240, +993 62 216180
E-mail: info@uluscable.com
Müşderilerimiziň pikirleri hem-de teklipleri biziň üçin möhümdir.
Baş direktory we esaslandyryjysy
Biziň baş maksadymyz önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini köpeltmek bilen bir wagtda onuň bahasyny elýeterli etmek.
Önüm ýokary hilli çig mallardan ýagny 99.99% misden we +190°C temperatura çydamly PWH izolýasiýadan öndürilen.
"ULUS KABEL" önümleri beýleki kabellerden özüniň ekologiki taýdan arassalygy we daşky gurşawy hapalamaýanlygy bilen tapawutlanýar.
Täzelenmeleri, teklipleri, maslahatlary alyň we sahypaňyzy döretmek tejribäňizi ýokarlandyryň